Kabuldaky partlama iki adamy öldürdi
Bu hadysada gyrada duran adam hem ýaralandy. Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nasrat Rahimi derňewçileriň ol iki adamy hiç bir jeňçi gurama bilen baglanyşdyryp bilmändiklerini aýtdy.
Kabul polisiýasynyň sözçüsi Ferdaws Faramarz partlaýjy maddalaryň arabanyň içinde gizlenip goýlandygyny tassyk etdi. Bu waka ir sagatlarda, Kabulyň mähelleli künjegi bolan Fazl Bekde boldy.
Polisiýa goşmaça maglumat bermedi.