Eýranyň ýolagçy uçary gonuş çyzygyndan çykdy
Internetde peýda bolan wideoda görnüşine görä, Eýranda bir ýolagçy uçary gonuş çyzygyndan sürtülip durandan soňra, onuň bortundaky ýolagçylar ewakuasiýa edilýär. Kaspi howaýollaryna degişli uçaryň bortundaky 135 ýolagçynyň hiç birine şikesiň ýetmändigi aýdylýar. Hadysanyň 27-nji ýanwarda Eýranyň günorta-günbataryndkay Mahşahr şäherinde ýüze çykandygy habar berilýär. Uçar Tähranyň Mehrabad aeroportyndan howa galypdyr.