Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Migrasiýa häkimiýetleri onlaýn hyzmatlary hödürleýärler, emma raýatlary ýurtdan goýbermeýärler

Aşgabadyň aeroportunda raýatlaryň daşary ýurtlara barýan uçarlardan zor bilen düşürilmegine degişli ýagdaýlar dowam edýär. Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň migrasiýa häkimiýetleri raýatlara daşary ýurt pasportyny almak üçin internet arkaly ýüzlenmek hyzmatynyň hödürlenýändigini aýdýarlar. Emma iş ýüzünde şeýle hyzmatlar elýeterli däl. 


Hökümetçi Turkmenportal neşri 12-nji ýanwarda çap eden maglumatynda Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugy ýurduň raýatlaryna daşary ýurt pasportyny internet üsti bilen almak hyzmatynyň elýeterlidigini dykgatyna ýetirýär diýip habar berýär. Maglumatda migrasiýa gullugynyň websaýtyna salgy berlip, daşary ýurt pasporty üçin onlaýn arza ýazmagyň jikme-jik instruksiýasy çap edilýär. 


Şol bir wagtyň özünde-de, agzalan bu hyzmat Döwlet migrasiýa gullugynyň websaýtynda dogrudan hem göz öňünde tutulýar, emma iş ýüzünde ne ýurduň içinde, ne-de daşynda işleýär. Synanyşyklaryň aglabasynda bu hyzmat asla açylmaýar, emma habarçylarymyzyň biri sahypany açmagy başardy, ýöne arzany dolduryp bilmedi.




"Bu saýty synap gördüm, maglumatlary dolduransoň, suraty ýüklemeli. Emma bu mümkin däl. Üç gezek synanyşdym, başa barmady" diýip habarçymyz, 13-nji ýanwarda habar berdi. 


Daşary ýurt pasportyny almak meselesi türkmenistanlylaryň ençemesi üçin iňňän aktual mesele bolup durýar. Soňky ýylyň dowamynda ýurduň migrasiýa edaralarynda ägirt uly nobatlar saklanýar, daşary ýurt pasportyny almak üçin nobata ýarym ýyl öňünden ýazylmaly bolýar. Bu barada habarçylarymyz habar berýärler. 




 


 


Ýurduň daşynda ýaşaýan türkmenistanlylar hem biometriki pasporty almakda uly kynçylyk çekýärler. Azatlygyň söhbetdeşleri Türkmenistanyň konsulhanalarynyň pasport bermekden ýüz öwürýändigini habar berýärler. Ukrainada ýaşaýan diňleýjimiz özüniň 21 ýaşly gyzynyň ýagdaýyny gürrüň berdi. 


"Meniň gyzym henizem Türkmenistanyň raýaty bolup, öz dokumentlerini düzgünleşdirip bilmeýär, sebäbi onuň daşary ýurt pasporty ýok. Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy daşary ýurt pasportyny bermeýär we özünde biometriki pasportlary taýýarlamak üçin enjamlaryň ýokdugyny aýdýar. Ukrainanyň migrasiýa gullugy bolsa, daşary ýurt pasporty bolmadyklaryň dokumentlerini bermeýär" diýip, efirde adynyň tutulmagyny islemedik diňleýjimiz 11-nji ýanwarda habar berdi. 


Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt pasportyny almakda çekýän kynçylyklary bilen bir wagtda, türkmen häkimiýetleri we garaşsyz habar serişdeleri raýatlaryň daşary ýurtlara goýberilmezligi bilen bagly täze ýagdaýlar barada habar berýärler.  


13-nji ýanwarda Azatlygyň habarçysy soňky günlerde Aşgabadyň aeroportunda raýatlaryň uçardan düşürilmegine degişli bolan ýagdaýlar barada gürrüň berdi. Hususan-da, migrasiýa resmileri Lebap welaýatynyň iki ýaşaýjysyny Türkiýä barýan uçara goýbermändir we olara munuň sebäbini düşündirmändir. 


12-nji ýanwarda Turkmen.news neşri Aşgabadyň aeroportunda Türkiýäniň howa ýollarynyň Stambula barýan uçaryndan 30-dan gowrak adamyň, şol sanda saglygyny bejertmek üçin barýan ýolagçylaryň düşürilendigini habar berdi. Bu ýagdaý 10-njy ýanwarda bolupdyr. 




 


Maglumata görä, soňky bir hepdä golaý wagtyň dowamynda ýolagçylar uçardan köpçülikleýin düşürilýär we günde azyndan 10-12 adam ýurduň daşyna gidip bilmän galýar. Aeroportuň işgärleri munuň sebäbini düşündirmeýärler. 


​Häzirki wagtda Türkmenistan ýurduň raýatlarynyň öň görlüp eşidilmedik derejede ýurdy terk etmegi bilen bagly ýagdaýy başdan geçirýär. Ýurt häkimiýetleri resmi statistikany çap etmeýär. Emma Azatlygyň çeşmeleriniň türkmen hökümetiniň köpçülige mälim etmedik hasabatlaryna salgylanyp, habar bermegine görä, 2008-2018-njy ýyllaryň aralygynda Türkmenistany 2 milliona golaý raýat terk edipdir. Türkmen hökümeti bu maglumatlary şu çaka çenli ne tassyklady, ne-de ret etdi. 


Daşary ýurtlaryň resmi maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň onlarça müň raýaty her ýyl öz ýurduny terk edýär. Olardan müňlerçesi Türkiýede, Orsýetde we beýleki ýurtlarda işlemäge, okamaga we ýaşamaga hukuk alýar. Bikanun migrasiýa degişli sanlar elýeterli däl. 


Türkmenistanyň raýatlarynyň öz ýurduny terk edip, daşary ýurtlara gitmeginiň esasy sebäpleri, Türkmenistanyň başdan geçirýän agyr ykdysady krizisi we işsizlik bilen bagly.   


Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net