Owganystanda ABŞ-nyň iki esgeri öldürildi
11-nji ýanwardaky hüjümiň jogapkärçiligini, onuň günortadaky Kandahar welaýatynda, ABŞ we Ruminiýa goşunlarynyň ýerleşdirilen ýerinde gurnalandygyny aýdyp, “Talyban” öz üstüne aldy. NATO bu hadysanyň Kandaharda bolandygyny tassyk etdi.
ABŞ esgerleri NATO-nyň Aýgytly goldaw missiýasynyň çäginde guralýan operasiýalara gatnaşýardylar. Olar 2020-nji ýylda Owganystanda öldürilen ilkinji ABŞ harbylary boldy.
Geçen ýyl bu ýurtda ABŞ-nyň 20 harby gullukçysy söweş bilen bagly hadysalarda wepat boldy.