E3 topary Eýrany ýadro ylalaşygyna ygrarly bolmaga çagyrdy
6-njy ýanwarda ýaýradylan umumy beýanatda Ýewropa Bileleşiginiň üç döwleti Yrakdaky we Eýrandaky dartgynlylyklaryň gowşadylmagynyň we “Yslam döwleti” ekstremistiki toparyna garşy alnyp barylýan göreşiň möhümdigine ünsi çekdiler.
“Biz ‘Yslam döwleti’ toparyna garşy alnyp barylýan göreşe ygrarlygymyzy tekrarlaýarys. Bu ilkinji derejeli möhüm mesele. Bu ýagdaý boýunça biziň koalisiýany saklap galmagymyz zerurdyr. Biz yrak resmilerini koalisiýany gerekli serişdeler bilen üpjün etmegini dowam etdirmegine çagyrýarys” diýip, E3 toparynyň beýanatynda aýdylýar.
Mundan bir gün öň, Eýran ABŞ bilen ýitileşýän dartgynlylyklaryň fonunda ýadro ylalaşygynyň göz öňünde tutýan çäklendirmelerinden el çekýändigini aýdypdy.
Bu beýanat ABŞ-nyň zarbasy netijesinde Yrakda eýranly ýokary derejeli kommandir Kasem Suleýmaniniň öldürilmeginden üç gün soň ýaýradyldy.