Khameneýi Suleýmaniniň jaýlanyş mirasymyna gatnaşdy
Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň saýlama harby bölüminiň – “Kuds” güýçleriniň komandiri, general-maýor Kasem Suleýmani 3-nji ýanwarda ABŞ-nyň Bagdad aeroportuna uran zarbasy netijesinde öldürilipdi.
Eýranyň döwlet telewideniýesi Tähranda geçirilen mirasyma on müňlerçe eýranlynyň gelendigini görkezdi.
Suleýmaniniň tabydy, ýurduň dürli künjekleriniň üstünden, onuň dogduk Kerman şäherine çenli äkidiler. Ol 7-nji ýanwarda ýere berler.
Eýran Suleýmaniniň öldürilmegine ar aljakdygy bilen haýbat atdy.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň bähbitlerine hüjüm edilse, Eýranyň, şol sanda medeni ähmiýetli nyşanalaryna hem zarba uruljakdygyny duýdurdy.