Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Aşgabadyň bazarlarynda adaty bolmadyk miwe bolçulygy döredi, Maryda töwuk budunyň uly nobatlary

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary ýurduň bazarlary üçin adaty bolmadyk miwe bolçulygy barada habar berýärler, emma ilat tarapyndan örän islegli önümleriň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar.     


"Teke bazarda irden ekzotiki miweler satylýar. Ähli söwda nokatlaryna uly nobatlar bar" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 30-njy dekabrda habar berdi.


Ýene bir habarçymyzyň sözlerine görä, bazar nyrhyndan satylýan dürli miweler bilen bir wagtda, käbir önümler döwlet dükanlarynda kesgitli nyrhdan hem hödürlenýär. Meselem banan satylýar.


"Şu gün miweleriň hili gowudy, mandarin, apelsin, armyt, alma, kiwi we ýerli üzüm. Bananlary diňe bir nagt bolmadyk görnüşde däl-de, eýsem, pensionerlere olaryň pension kitapçalarynyň esasynda. Bir wagtda 10 manatlyk banan satyn alyp bolýar. Bir kilogramy 6 manatdan. Banany aýratyn bir ýerde satdylar" - diýip, Azatlygyň habarçysy 29 dekabrda habar berdi.  




 


Aşgabadyň döwlet eýeçiligindäki dükanlary azyk önümleriniň käbir görnüşlerini noýabryň ortalaryndan nagt däl töleg esasynda satyp başladylar. Bu düzgün ilatyň käbir gatlaklaryny, şol sanda pensionerleri we işsizleri ösümlik ýagyny, ýumurtgany we bananlary döwlet bahasyndan satyn almak mümkinçiliginden mahrum edipdi. 


Döwlet bahasyndan azyk önümlerine ilat arasyndan uly isleg bar. Ýurduň raýatlary ençeme sagatlap, uly nobatlarda durýarlar.


"Ir sagat 10:30 bananlar ähli söwda nokatlarynda gutardy. Biz bir ýarym sagatlap nobatda durduk, nobatymyz ýetende, biz mandarin we çörek satyn aldyk. Adamlar towuk buduny satyn almak üçin hem nobatda durdular, emma ol tekçelerde ýokdy" diýip, Azatlygyň habarçysy 30-njy dekabrda habar berdi. 


Türkmenistanyň beýleki regionlarynyň döwlet dükanlarynda dürli miwe satyldy.


"Şähere golaý etraplaryň döwlet dükanlarynda her adam başyna bir kilogram alma, apelsin we armyt satdylar. Alma döwlet dükanlarynda 6 manada satyldy, hususy dükanlarda onuň bahasy 11 manat, apelsin dükanda 8, bazarda 12, armyt dükanda 8, bazarda 13 manat. Adamlar olary satyn almak üçin ägirt uly nobatlarda durýar" diýip, Marydaky habarçymyz 30 dekabrda habar berdi.  




Azatlygyň Marydaky habarçysynyň sözlerine görä, bu welaýatda towuk buduna uly isleg bar, emma ol örän az ýerde satylýar.


​"Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň ugrunda ýerleşýän Gök bazarynda günde ýary gijeden gaty uly nobat döräp başlaýar. Gije sagat 2:00-de adamlar 6 setire düzülýärler. Şu gün Gök bazaryň daşynda adamlardan ýaňa ýer bolman, ýoluň gyrasyna çenli nobat düzülip başlady. Sagat 2:00-de nobata duran adamlaryň ýarsyny bazaryň derwezesini açyp içine saldylar. Kiçi çagalaryny alyp gelenler hem bar, adam gitdigiçe köpeldi" - diýip, habarçymyz 30-njy dekabrda habar berdi. 




 


Döwlet dükanlarynda bazar nyrhyndan tas iki esse arzan satylýan towuk butlaryna Türkmenistanda ilata arasynda uly isleg bar.


Azalygyň habarçylarynyň sözlerine görä, şu günler Mary şäherine welaýatyň dürli künjeklerinden adamlar azyk önümlerini satyn almak üçin barýarlar.


"Welaýatyň obalaryndan hususy mikro awtobuslar kireýne tutulyp, dolup gelýärler. Oguzhan, Ýolöten, Türkmengala, Baýramaly etraplaryndan mikro awtobuslar gelýär, gelen adamlar düşen badyna ylgaşyp nobat belleýärler", - diýip habarçymyz aýdýar we nobatda dawa döreýändigini, sebäbi harydyň örän çäkli, ýagny adam başyna diňe iki sany buduň berilýändigine garamazdan, hemmä ýetmeýändigini belleýär. 


"Towuk buduny adam başyna ikiden berýärler, üstüne buz hem goşýarlar. Bahasy 10 manat, hususy dükanlarda onuň bahasy 21 manat. Ir 5:00 satylyp başlanýar, ir 8:00 eýýäm gutarýar. Köpler gijesine nobatda durup, eli boş gaýtmaly bolýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar. Onuň sözlerine görä, nobatlara polisiýa gözegçilik edýär. 


Marynyň gök bazary welaýat häkimliginiň, Migrasiýa gullugynyň we bu ýerde Täze ýyl baýramy mynasybetli dikilen arçanyň golaýynda ýerleşýär.  




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net