Minskde Russiýa bilen has kän garylyp-gatylmak planlaryna garşy ýöriş geçdi
Protestçiler Oktýabr Meýdançasyndan Garaşsyzlyk Meýdançasyna çenli ýöriş geçirdiler, şeýle-de merkezi poçtanyň golaýynda adam zynjyryny döretdiler.
Sebite polisiýa ugradylsa-da, olar demonstrantlara garşy herekete geçmedi. Dekabrdaky ozalky protestlerde ençeme protestçi tussag edilipdi.
Rugsat berilmedik protestler rus prezidenti Wladimir Putin bilen belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň 1999-njy ýyldaky birleşdirilen döwlet döretmek baradaky şertnamanyň 20 ýyllygyna gabat geçiren täze gepleşikleri sebäpli döräpdi.