Somali paýtagtynda partladylan ýük maşyny azyndan 76 adamy öldürdi
"Partlama weýrançylykly boldy, men 20-den gowrak asuda adamyň öldürilendigini tassyklap biljek, ol ýerde ýaraly bolan hem kän, ölenleriň sanynyň artmagy mümkin” diýip, polisiýa ofiseri Ibrahim Mohamed aýtdy.
Mogadişuda, partlamanyň bolan ýerinde žurnalistler bilen gürleşen maýor Omar Muhamoud hökümetiň partlamada azyndan 90 adamyň ýaralanandygyny tassyklandygyny, olaryň köpüsiniň studentlerdigini aýtdy.
Partlamanyň jogapkärçiligini bada-bat üstüne alan bolmady.