Rus polisiýasy Medwedew wideosy sebäpli Nawalnynyň edarasyna reýd geçirdi
Federal sud gullugynyň ýüzleri maskaly we kelleleri kaskaly ofiserleri 26-njy dekabrda ýerli wagt bilen günortanlar gapyny kesip, Nawalnyny ofisinden süýräp çykarmazlaryndan öň, edaranyň ýanyndaky wideokameralaryň öňüni bagladylar. Oppozision syýasatçy bu wakany sosial mediada gürrüň berdi. Ol tussag edilmedi.
Nawalnyý reýdiň resmi taýdan gaznanayň direktory Iwan Ždanowyň garşysyna gozgalan jenaýat derňewiniň çäginde,“Ony Dimon atlandyrma” diýen at bilen Youtube kanalynda çap edilen wideony öçürmändigi üçin geçirilendigini aýtdy. Bu wideoda Medwedewiň baýlyklary hakynda geçirilen derňewiň netijeleri görkezilýär.
Emma muňa garamazdan, Nawalnyý bu reýdi Korrupsiýa garşy gaznanyň golaýda Andreý Kostin, döwlet eýeçiligindäki karz bankynyň ýolbaşçysy babatda geçiren derňewi bilen baglydygyny öňe sürýär.