Aşgabatda gurlan täze binalar toý-dabara bilen ulanylyşa berildi
Şu gün Aşgabatda 270 maşgala täze jaýyň açary berildi diýip, TDH 25-nji dekabrda habar berdi.
Resmi maglumata görä, täze binalaryň açylyşy toý-dabara bilen geçirilipdir we oňa şäher häkimiýetleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik toparlarynyň wekilleri, ýaşulular, şeýle-de jaý eýeleri gatnaşypdyr.
Aşgabadyň häkimiýetleri Parahat-7 etrapçasyndaky täze binalaryň açylyş dabarasyna birnäçe gün öňünde taýýarlyk gördüler. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary Parahat-7 etrapçasynda boljak dabaralar sebäpli töwerek daşy, şol ýere barýan ýollary timarlamak, boýamak we arassalamak üçin şäheriň jemagat gulluklarynyň gije-gündiz köpçülikleýin işleýändigini habar beripdi.
Adatça Aşgabatda täze gurlan binalaryň açylyş dabaralaryna prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşýar. Türkmen mediasyna görä, 25-nji dekabrda binalaryň açylyş dabarasyna prezidentiň tabşyry bilen häkim Durdylyýew gatnaşypdyr.