Jonson: “Men ýalňyşypdyryn” – Russiýa bilen gatnaşyklary täzelemek mümkin däl
Jonson bu barada British Spectator žurnalyna beren interwýusynda belledi.
Žurnalistiň “Siz öz pikiriňizi haçan üýtgetdiňiz?” diýen soragyna, Jonson: “Meniň pikirimçe köp ýurduň daşary işler sekretarlary we premýer-ministrleri Russiýa bilen gatnaşyklary ýaňadandan başladyp boljakdygyna ynandylar. Biz bu beýik ýurt bilen faşizme garşy göreşipdik” diýip, jogap berdi.
“Men bu babatynda ýalňyşanyma juda we juda gynanýaryn” diýip, 2016-2018-nji ýyllar aralygynda Britaniýanyň daşary gatnaşyklar boýunça sekretary hem bolan Jonson belledi.
Mundan öň, 21-nji dekabrda Jonson Estoniýa eden saparynyň çäklerinde Russiýa bilen gatnaşyklaryň gowulandyrylmagyna umyt bildiripdi. Şol bir wagtda, ol iki ýurdy bölýän “aýylganç meseleleriň” bardygyny hem sözüne goşupdy.