Polşa bilen Russiýanyň arasynda Ikinji Jahan urşy barada söz urşy güýçlendi
Polşanyň Daşary işler ministrligi özüniň 21-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda “biz Russiýa Federasiýasynyň wekilleriniň, şol sanda prezident Wladimir Putiniň Ikinji Jahan urşunyň başlamagy we barşy barada ýagdaýlary ýoýýan beýanatlaryny aladalylyk we ynamsyzlyk bilen garşy aldyk” diýilýär.
Warşawa Moskwany “stalinist propaganda täzeden başlamakda” we öňki liderler Mihail Gorbaçew hem-de Boris Ýeltsin tarapyndan başladylan ýaraşyk tagallalaryna “zeper ýetirmekde” aýyplady.
22-nji dekabrda Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki TASS habar agentligi ýurduň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa salgylanyp, “agressiw ritorikalar we faşizme garşy söweşenleriň monumentlerini ýumurmak arkaly”, Warşawanyň gatnaşyklara “zyýan ýetirendigini” aýtdy.