Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresi boldy. Oňa Berdimuhamedow gatnaşmady
“...Ir bilen paýtagtyň ‘Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy’ seýilgähiniň öňündäki meýdançada Mejlisiň, din hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, ýaşulular, talyp ýaşlar we köp sanly aşgabatlylar ýygnandylar” diýlip, döwlet telewideniýesiniň maglumatynda aýdylýar.
Şol bir wagtda, habarda Berdimuhamedowyň şu ýylyň 6-njy oktýabrynda Ýatlama güni mynasybetli ýurduň ilkinji prezidentiniň hatyrasyny tutandygy aýdyldy. Şonda prezidentiň Nyýazowyň heýkeline gül çemenini goýup, aýat-doga okandygy aýdyldy.
“Watanymyzyň özygtyýarlylygyny goramak, dünýä giňişliginde Türkmenistany ykrar etdirmek boýunça Saparmyrat Nyýazowyň uly işleri bitirendigini bellemek bilen milli liderimiz şol işleriň unudylmaly däldigini aýtdy” diýlip, TDH-nyň çap eden makalasynda bellenilýär.
1985-nji ýyldan tä ömrüniň soňky ýyllaryna çenli Türkmenistana ýolbaşçylyk eden S.Nyýazow 2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda aradan çykdy we 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelen Berdimuhamedow ýurduň ilkinji prezidentiniň içeri we daşary syýasatyny gyşarnyksyz dowam etdirmegi wada berdi.
Geçen ýylyň 21-nji dekabrynda döwlet baştutany “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähinde Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresine gatnaşdy we şol günüň özünde, ýakynlap gelýän Täze ýyl mynasybetli guralan aýdym-sazly dabarada nemes dilinde aýdym aýtdy.