Tramp, Abe telefon söhbetdeşliginde Eýrany maslahat etdiler
Ak Tamyň metbugat wekili Eýran baradaky gürrüňiň jikme-jiklerini aýan etmedi.
Kýodo habar gullugy söhbetdeşligiň 15 minut çemesi dowam edendigini aýtdy.
Şol günüň özünde Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Ýaponiýa eden iki günlük saparyny tamamlapdy. Ol Tokiodan 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyny saklap galmaga ýardam bermegini sorady.
ABŞ-nyň Aziýa sebitindäki ýarany Ýaponiýa Eýran bilen hem diplomatiki we ykdysady gatnaşyklary saklaýar.
Mundan öň, Abe iki bäsdeş ýurda araçylyk etmäge hem synanyşypdy.
Geçen ýyl Tramp ABŞ-ny ýadro ylalaşygyndan çykaranyndan soňra, Waşington bilen Tähranyň gatnaşyklary has-da ýitileşdi.