ABŞ-nyň ozalky ilçileri “Demirgazyk Akym 2” sanksiýalarynyň ABŞ Germaniýa gatnaşyklaryna ýaramaz täsir ýetirip biljekdigini aýdýarlar
Olar munuň deregine, ABŞ-nyň Russiýa, eger-de Ukrainanyň üstünden akdyrýan tranzit gazyny belli bir mukdardan aşak düşürse, gadagançylyk girizmelidigini aýtdylar.
Kongres Baltik deňziniň düýbünden “Demirgazyk Akym 2” gazgeçirijisini çekýän gämilere garşy sanksiýalary girizmegi göz öňünde tutýar. ABŞ resmileri bu proýekt amala aşsa, Ýewropanyň rus energiýa serişdelerine has köp garaşly boljakdygyny aýdýarlar.
Bu gazgeçiriji, Ukrainanyň we Polşanyň üstünden sowa geçip, Germaniýa ýylda 55 milliard kub metr gazy akdyrmaga mümkinçilik berer.
Taslamanyň tamamlanmagyna ýene ençeme hepde bar. Emma, prezident Donald Trampyň Demirgazyk Akym sanskiýa taslamasyny hem özünde saklaýan ýyllyk goranyş çykdajylaryna 20-nji dekabrda gol goýmagyna garaşylýar.
Sanksiýalara esasan düýbi Şweýsariýada ýerleşýän Allseas Group kärhanasy we onuň gämileri düşer.