Senatyň paneli Russiýa garşy sanksiýalary maslahat eder
Komitetiň websaýtyndaky maglumata görä, ol Amerikanyň Howpsuzlygyny Kremliň Agressiw Hereketlerinden Goramak aktyny (DASKA) 18-nji dekabrdaky geçjek duşuşygynda maslahat eder. Respublikan senator Lindseý Graham muny “jähennemden gelen sanksiýa taslamasy” diýip, atlandyrdy.
Iňlisçe akronimi DASKA diýlip hem atlandyrylýan bu taslama Russiýanyň daşardaky demokratiki prosessere goşulmagyna, şeýle-de Siriýadaky “gazaply” hereketlerine we Ukraina garşy agressiýasyna jogap edip, Moskwa garşy gadagançylyklaryň girizilmegini göz öňünde tutýar.
Taslama Russiýanyň hökümet bergilerini, Kremliň “beýleki döwletlerdäki demokratiki institutlaryna zyýan ýetirmek” tagallalaryna goldaw berýän banklary, Russiýanyň beýleki ýurtlardaky suwuklaşdyrylan gazyny, döwletiň kiber pudagyny, şeýle-de prezident Wladimir Putine golaý şahsyýetleri öz içine alýar.