Gülnara Kerimowanyň aklawçysyna Özbegistana girmek gadagan edildi
Gregoire Mangeat 11-nji dekabrda Azatlyk Radiosyna ugradan beýanatynda özbek resmileriniň özüne bildirýän aýyplamalaryny ret etdi. Ol özbek häkimiýetlerini Daşkendiň türmesinde saklanylýan Gülnara Kerimowanyň ýagdaýy barada habar tutmagynyň öňüni almakda aýyplady.
Gülnara Kerimowa bir wagtlar telekeçi, estrada aýdymçysy bolupdy. Ol 2014-nji ýylda, kakasy bilen dawadan soň, jemgyýetçiligiň gözünden ýitdi.
Ol Özbegistanda işini dowam etdirmekçi bolýan halkara tele-komunikasiýa kompaniýasy bilen ilteşikli parahorlykda we korrupsiýada aýyplanyp, 2015-nji ýylda öý tussaglygyna ýerleşdirildi.
Martda Kerimowa we onuň şärikleri ABŞ-nyň prokurorlary tarapyndan Birleşen Ştatlaryň daşary ýurt korrupsiýa kanunlaryny bozmakda aýyplandy.
Mundan birnäçe gün öň, özbek resmileri Kerimowany öý tussaglygynyň şertlerini bozmakda aýyplap, ony aýallaryň türmesine geçiripdiler.