AI: Eýrandaky protestlerde ‘azyndan 208’ adam öldürildi
Düýbi Londonda ýerleşýän gurama öldürilenleriň asyl sanynyň has ýokary bolmagynyň mümkindigini hem belledi.
Protestler 15-nji noýabrda, haçanda hökümet benziniň bahasynyň 200% çemesi artdyrylýandygyny yglan edeninden soňra, döräpdi.
Munuň yzy bilen ýurtda, internet üpjünçiligi kesildi we howpsuzlyk güýçleri protestleri basyp ýatyrmak boýunça çäreleri gördüler.