Azerbaýjanyň häkimiýetdäki partiýasy parlamenti dargatmaga çagyrýar
28-nji noýabrda Täze Azerbaýjan partiýasynyň Syýasy Geňeşi ýygnak geçirip, möhletinden ozal parlament saýlawlaryny geçirmek barada Aliýewiň öňünde çykyş etmegi planlaşdyrdy.
Partiýanyň 28-nji noýabrda giçlik metbugat konferensiýasyny geçirmegine we bu kararyň arkasyndaky sebäpleri düşündirmegine garaşylýar.
Parlamenti dargatmak baradaky mesele kanun çykaryjy organyň 29-njy noýabrda geçirjek ýygnagynda hem gozgalar.
Azerbaýjanda nobatdaky parlament saýlawlary 2020-nji ýylyň noýabrynda geçirilmelidi.