Yrakdaky protestleriň “iň ýaramaz günleriniň birinde” 13 demonstrant öldürildi
Ýurduň günortasyndaky Basra welaýatynda ýedi protestçi öldürildi. Ýerli howpsuzlyk resmileriniň biri muny protestleriň “iň erbet günleriniň biri” diýip häsiýetlendirdi.
Nassiriýa welaýatynda dört, Najaf welaýatynda bir we Diwanieh welaýatynda hem bir protestçi öldürildi.
Yrak boýunça howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşyklarda azyndan 150 protestçi ýaralandy.
Mundan öň, ýurduň nebit önümçiliginiň 85%-i jemlenen Basrada protestçiler şäheriň merkezinde tekerleri otladylar we ýollary böwetlediler.
Demonstrasiýalar 1-nji oktýabrda başlanypdy. Şonda adamlar, esasan hem ýaşlar parahorlyga we hyzmatlaryň hiliniň pesligine nägilelik bildirip köçelere çykypdylar.
Protestler başlanaly bäri azyndan 342 adam öldi.
Halkara jemgyýetçiligi, şol sanda BMG we ABŞ parahat demonstrantlara garşy güýç ulanylmagyny ýazgaryp çykyş etdiler.