Ukrainalylar Stalin döwrüniň “Holodomor” açlygynyň pidalaryny hatyralaýarlar
Ukraina her ýyl noýabryň dördünji şenbesini, bu betbagtçylykda ölenleri hatyralamak üçin, Holodomor pidalarynyň Hatyra güni hökmünde jar edýär. Ukrainalylaryň köpüsi bu açlygy ukrain daýhanlaryny ýok etmek maksady bilen bilkastdan gurnalan gyrgynçylyk – genosid diýip hasaplaýar.
Hatyra gününiň guramaçylary adamlary 23-nji noýabrda, ýerli wagt bilen ir sagat 4-de, Holodomor pidalaryny hormatlap,öz äpişgeleriniň öňünde şem ýakmaga hyjuwlandyrdylar.
Sowet häkimiýetleri Ukrainadaky daýhanlary kollektiw hojalyklara girizmäge çalyp, olaryň gallalaryny we beýleki azyk önümlerini zor bilen ellerinden alandan soň, millionlarça adam öldi.
Hasaplamalara görä, açlykdan ölenleriň sany 3 milliondan 7 milliona çenli diýip bilinýär.