Astrahanda türkmenistanlylary bikanun “propiska eden” zenan jogapkärçilige çekilýär
Güman edilýän aýalyň ady aýdylmaýar, ýöne onuň “uludan” işländigi bellenilýär. Ol özüniň welaýat merkezinde ýerleşýän jaýynda daşary ýurtlularyň hasaba alynmagyny resmileşdirmegi gola goýupdyr. Bu ýagdaý migrantlaryň Orsýete bikanun ýollar arkaly gelmegine şert döredipdir.
Astrahanly zenan hakykatda regionyň myhmanlaryny ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmändir. Ol migrasiýa edarasyna nädogry maglumatlar esasynda doldurylan dokumentleri tabşyrmak bilen, 2017-nji ýylyň oktýabryndan 2019-njy ýylyň fewralyna çenli aralykda öz jaýynda Azerbaýjandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen migrantlaryň jemi 119 sanysyny ýazgy edipdir.