Tbliside müňlerçe adam protest geçirýär
Gürjüstanyň paýtagty Tbliside müňlerçe adam, parlamentiň saýlaw reformasyny geçirmekden ýüz öwürmegine nägilelik bildirip, protest geçirdi. Bu reformalar şu tomus geçirilen protestleriň dowamynda talap edilipdi.
14-nji noýabrda parlamentde geçirilen ses berilişikde proporsional saýlaw ulgamyna geçmek baradaky taslama zerur bolan 113 sesi alyp bilmändigi üçin, ret edildi.
Mundan soň, oppozisiýa tarapdarlary we aktiwistleri Tbliside parlamentiň binasynyň daşynda ýygnanyp, paýtagtyň esasy köçesini hem petiklediler. Demonstrantlar hökümetiň çekilmegini we irki parlament saýlawlaryny talap etdiler.
Iýunda we iýulda Tbliside ençeme hepdeläp geçirilen protestleriň dowamynda 2020-nji ýyldan başlap garyşyk saýlaw ulgamyndan proporsional ulgama geçmek barada talap edilipdi.
“Gürji arzuwy” partiýasynyň lideri, tutjar Bidzina Iwanişwili partiýanyň saýlaw reformasyny geçirmäge taýýardygyny aýdypdy. Emma, bu taslamany goldap 101 kanunçykaryjy ses berdi.