Russiýanyň Uzak gündogarynda ýaragly student bir adamy öldürdi, üçüsini ýaralady
Russiýanyň Uzak gündogaryndaky Amur regionynyň paýtagty Blagoweşçenskde bit studentiň kolejde ýaragdan ot açmagy netijesinde bir adam öldi.
14-nji noýabrda ýüze çykan hadysada başga-da üç kişi ýaralandy. 17, 19 we 20 ýaşyndaky ýaralananlar keselhana ýerleşdirildi.
Polisiýa Amuryň Gurluşyk we ýaşaýyş-jaý hyzmatlary kolejiniň daşyny gabanda, 19 ýaşly ýaragly talyp binanyň ikinji gatyndan olara garşy ot açyp başlady. Polisiýa hem garşylykly ot açdy.
Gysga wagtlyk ok atyşykdan soňra, talyp özüni atdy.
Şaýatlaryň sözlerine görä, hadysa ýerli wagt bilen ir sagat 10-da ýüze çykypdyr. Sapaga giç gelen talypdan okuw otagyny terk etmek soralypdyr. Mundan soň, ol talyp bäşatardan talyplara garşy ot açyp başlapdyr.