Täjik oppozisiýa aktiwisti ÝB-den gaçybatalga sorajakdygyny aýdýar
Geçen hepde belarus resmileri täjik resmileriniň Odinaýewi ekstradisiýa etmek baradaky haýyşyny ret edip, ony azatlyga goýberipdiler.
Odinaýew 25-nji sentýabrda Belarusyň migrasiýa resmileri tarapyndan tussag edildi. Ol Polşanyň paýtagty Warşawada adam hukuklary boýunça geçmeli konferensiýa gatnaşmaga barýardy.
Odinaýew Azatlyk Radiosy bilen 10-njy noýabrda geçiren söhbetdeşliginde häzir bir ýyllyk wiza bilen Germaniýa aşandygyny aýtdy.
Ol yzyna – Täjigistana dolanan halatynda janyna howp abanyp biljekdigini belledi.
Täjik we rus raýatlygyna eýe bolan Odinaýew gadagan edilen Yslam Galkynyş Partiýasynyň agzasy bolupdy. Şeýle-de ol 2013-nji ýylda ençeme aýlap düýbi Moskwada ýerleşen Safo TV oppozisiýa tele-kanalyna ýolbaşçylyk edipdi. Bu kanal şol ýylyň özünde rus resmileri tarapyndan ýapyldy.