Ysraýyl Gazada jeňçi toparynyň kommandirini öldürdi
Muňa jogap edip, jeňçiler Ysraýylyň şäherlerine, şol sanda Tel-Awiwe hem raketalary atdylar. Adam pidalary barada häzirlikçe maglumat ýok.
Ysraýyl Baha Abu Al-Attanyň serhetýakada ençeme hüjümleri amala aşyrandygyny aýtdy.
Al-Attanyň Gazanyň Şejaiýae etrabyndaky öýüne amala aşyrylan hüjümde onuň aýaly hem öldi diýip, jeňçi topary aýtdy. Partlamada başga-da iki adam ýaralandy.