Rus goşun bölüminde bolan ganly atyşykda kompýuter oýunlary günäkärlendi
Ady agzalan hökümetden aýry guramalaryň wekilleri 5-nji noýabrda Moskwada žurnalistlere Zabaýkalýe sebitindäki harby bölümde, betbagtçylygyň bolan ýerinde dedowşinanyň, esger agalygynyň bolmandygyny aýtdylar we “internetiň baglanmagyna” çagyrdylar.
Şu aralykda, Esger eneleri komitetiniň Zabaýkalýedäki bölüminiň başlygy Walentina Mordowa 6-njy noýabrda AÝ/AR-a Moskwadaky iki guramanyň wekilleriniň aýdýan zatlary bilen “düýpden” ylalaşmaýandygyny aýtdy.
"Faktlar başga ýagdaýy görkezýär. Gynansak-da, ol ýerde dedowşina bar, boldy we bolar. Özem onuň bolmagy wirtual reallyga däl-de, eýsem, biziň içinde ýaşaýan jemgyýetimize esaslanýar” diýip, Mordowa sözüniň üstüni ýetirdi.
Esger Ramil Şamsutdinow 25-nji oktýabrda sekiz sany harby gullukçyny atyp öldürdi, iki harbyny bolsa ýaralady.
5-nji noýabrda oglunyň ýanyna baran Salimžan Şamsutdinow oglunyň dedowşina bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýtdy.
“Meniň oglum özüniň olaryň özüne eden zatlaryny bagyşlap biolmändigini gürrüň berdi. Olar ony şol dereje ýetiripdirler” diýip, Salimžan Şamsutdinow 6-njy noýabrda aýtdy.