Erdogan türk güýçleriniň YD-nyň öldürilen başlygy Bagdadynyň aýalyny tutandygyny aýdýar
Emma ol başga detallary açmady we tussag edilen aýalyň adyny hem aýtmakdan saklandy.
Bagdadynyň dört aýaly bar diýip bilinýär, ol 26-njy oktýabrda, Siriýanyň demirgazyk-günbataryndaky Idlib welaýatynda, ABŞ-nyň ýörite güýçleriniň geçiren operasiýasynda öldürildi.
“Birleşen Ştatlar Bagdadynyň ötükde özüni öldürendigini aýtdy. Olar bu barada aragatnaşyk kampaniýasyna başlady” diýip, Erdogamn aýtdy. “Emma men şu ýerde birinji gezek aýdýaryn: biz onuň aýalyny tutduk we bu barada olar ýaly galmagal turuzmadyk. Şeýle-de, biz Siriýada onuň aýal doganyny we giýewisini hem tutduk” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
“Roýters” we AP 5-nji noýabrda uly derejeli türk resmilerine salgylanyp, Bagdadynyň uly aýal dogany, 65 ýaşyndaky Rasmiýa Awadyň 4-nji noýabrda, türk kontrollygyndaky Azaz şäherinde, Siriýanyň Aleppo welaýatynda saklandy.
Erdoganyň öz soňky beýanatynda Awady nazarda tutýandygy bada-bat belli bolmady.