Türkmenistan dini ynanjy esasynda harby gullukdan boýun towlan 9 adamy tussaglykda saklaýar
Neşiriň maglumatyna görä, häzir Türkmenistanda ynanjy sebäpli goşun gullugyndan boýun gaçyrandan soň türmä basylanlaryň sany dokuz adam, olaryň altysy şu ýylda türmä basyldy.
BMG Türkmenistanyň 2013-nji ýylda dini ynançlary esasynda goşun gullugyndan boýun gaçyran adamlaryň üç sanysyny türmä basyp, olaryň hukuklaryny basgylandygyny aýtdy.
Sentýabryň aýagynda we oktýabryň başynda türkmen paýtagtyndaky sudlar ýehowa şaýatlarynyň ýene ikisine, harby gullukdan boýun gaçyrandyklary üçin, bir ýyldan türme tussaglygy hökümini çykardy.
Dawid Petrosow we Selim Taganow, ikisi hem 18 ýaşynda, harby komissarlykda özleriniň alternatiw esaslarda, siwil gulluk etmek isleýändiklerini aýtdy.
Olar häzir Ýaşlyk derňew tussaghanasynda saklanylýar, ýöne basym türmä iberilmeklerine garaşýarlar diýip, “Forum 18” habar berýär.