Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmenistanly geý ýigidiň tussag edilen bolmagy çak edilýär.WIDEO

Türkmenistanly geý oglanyň tussag edilen bolmagy güman edilýär. Azatlyk Radiosy onuň ýagdaýy barada 10 gün mundan öň gürrüň beripdi. Ýaş ýigit bilen 24-nji oktýabrdan bäri aragatnaşyk ýok. Şol gün ony Aşgabadyň polisiýa bölümine gürrüňdeşlige diýip çagyrypdylar.


25-nji oktýabrda Türkmenistanyň güýç edaralaryna ýakyn çeşme Milli howpsuzlyk ministrliginiň şol ýigidi gözleýändigini Azatlyk Radiosyna habar berdi. 


21-nji oktýabrda çap eden makalamyzda biz şol ýigidi Kämil diýip tanadypdyk. Onuň hakyky ady Kasymberdi Garaýew, 24 ýaşynda, kardiolog lukman. Onuň hakyky howp astyna düşen bolmagynyň töwekgelçiligi sebäpli biz onuň adyny çap edýäris. 


Ýatlatsak, Kasymberdi Garaýew Azatlyk Radiosyna sentýabryň aýagynda ýüzlenipdi. Ol Türkmenistanda gomoseksualizmiň häzire çenli jenaýat hökmünde yzarlanýandygyna garamazdan, ýurtda LGBT azlyklaryna bolan çydamsyz şertler sebäpli bu ädime aýgyt edendigini aýdypdy. 


Makalanyň çap edilmeginden birnäçe gün geçensoň 24-nji oktýabrda Kasymberdini polisiýa bölümine çagyrdylar we muny "üç arka" barlagyny geçirmek zerurlygy bilen düşündirdiler. Türkmenistanda ähli döwlet guramalarynyň işgärleriniň ýakyn garyndaşlary barlanýar. 


Şondan bäri Kasymberdi bilen aragatnaşyk kesildi. Biz onuň ýagdaýyny anyklamak üçin habarlaşmaga synanyşdyk. Emma 25-nji oktýabrda bize Türkmenistanyň güýç edaralaryna ýakyn çeşmämiziň beren maglumatynda Milli howpsuzlyk ministrliginiň Kasymberdini gözleýändigi we oňa howpuň abanýandygy mälim edildi. Çeşmämiziň sözlerine görä, howpsuzlyk organlary Kasymberdini başda atlandyryşymyz ýaly Kämiliň şekillendirilmegine gabat gelip biljek ähli ýaş lukmanlary barlapdyr.




Soňky hepdäniň dowamynda aragatnaşyk kesilensoň biz onuň ykbaly barada haýsy-da bolsa bir maglumat tapmaga synanyşdyk. Biziň Aşgabatdaky habarçylarymyz ony işleýän ýeri kardiologiýa merkezinden gözlediler. Emma şol ýerde bu adamyň mundan beýläk işlemeýändigini aýtdylar. Şeýle-de bize mälim bolşuna görä, onuň maşgalasy Aşgabatdaky öýünden göçüp gidipdir. Maşgalanyň öýünden öz islegi boýunça gidip-gitmändigi, ýa-da olaryň mejbur edilendigi entek mälim däl. Emma bu ýagdaýlar nazara alnanda Kasymberdi Garaýewiň ýagdaýy çylşyrymly we oňa uly howp abanýar.


Geçmişde, Türkmenistanda adamlar syýasy sebäplerden tutulanda olaryň maşgala agzalarynyň hiç kim tapmaz ýaly, zor bilen göçürilen ýagdaýlary bolupdy. 


Kasymberdi öz şahsyýetiniň anyklanan ýagdaýynda özüne howp abanjagyny duýupdy. Ol biz bilen gepleşen wagtynda ätiýaçlyk bilen öz ýakynlary üçin wideo ýüzlenmesini taýýarlapdy. Ol bu wideony 13-nji oktýabrda işleýän keselhanasynda gijeki nobatçylyk wagtynda düşüripdi. Azatlyk Radiosy bu wideony çap etmek kararyna geldi. 




 


"Meniň ezizlerim, meni bagyşlaň! Men size soňky döwür ýaman kän ejir çekdirdim. Gözüňiziň ýaşyny dökdüm. Men bu zatlary size erbetlik isläp eden däldirin. Eger meni bir ýerlere äkiden bolsalaram, men günäkär däl. Meni bagyşlaň! Eger men ýok bolsam, meniň günämi geçiň! Razy boluň!", diýip ýigit öz wideo ýazgysynda aýdýar. 


Ýatlatsak, Kasymberdi öz kakasynyň dogany öz agasynyň Türkmenistanyň prezidentiniň gorag gullugynda işleýändigini gürrüň beripdi. 


Ol bu maglumatyň esasynda özüniň Türkmenistanyň kanun goraýjy organlary tarapyndan anyklanmagyna getirip biljegine garamazdan, muny aýtmagyň möhümdigini hasap edipdi.


Kasymberdiniň sözlerine görä, onuň täsirli resmi bilen garyndaşlygy ony geý bolany üçin jenaýata çekilmekden bir gezek halas edipdir. 


"Agamyň prezidentiň goragynda işlemegi meni türmeden halas etdi, emma gözenegiň aňrysyna düşýän men ýalylaryň ýene ençemesi bar" diýip, ol özüniň gelen kararyna delil getiripdi.


Kasymberdiniň gürrüň beren ýagdaýlarynyň birinde ol geçen ýyl Belarusdaky okuwyny tamamlap ýurduna dolanyp baranda ol internet üsti bilen bir ýigit bilen tanyşypdyr. Emma olar duşuşmak barada ylalaşanlarynda, bu polisiýanyň aldawy bolup çykypdyr. Ony sakladylar we polisiýa alyp bardylar. Şonda onuň kakasy we täsirli daýysy yzyndan baryp, ony alyp çykmagy başarypdyr, bolmasa Kasymberdä jenaýat jogapkärçiligine çekilmek garaşýardy. 


Azatlyk Radiosyna şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda LGBT wekilleri babatynda görkezilýän zorluklar we ýowuzlyklar barada birnäçe habar gowuşdy. Emma agzalýan wakalary tassyklaýan goşmaça maglumatlary alyp bolmansoň, biz bu habarlary çap etmekden saklanypdyk.


Türkmenistan gomoseksualizmi jenaýat hökmünde yzarlaýan ýurtlaryň arasynda galýar. Şeýle ýurtlaryň sany 60 çemesi we olar gitdigiçe azalýar. Öňki sowet ýurtlarynyň arasynda Türkmenistandan başga-da geýleri yzarlaýan ýeke-täk ýurt goňşy Özbegistandyr. Beýleki postsowet ýurtlary jenaýat kodeksindäki bu maddadan esli wagt mundan öň el çekdiler.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net