Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmenistanlylar ýurduň daşyna manat çykarmakda çäklendirmelere sezewar bolýarlar

Türkmenistanyň daşyna gidýän raýatlar ýany bilen türkmen manadynda nagt pul alyp gitmekde çäklendirmelere sezewar bolýarlar. Bu barada Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri habar berýärler. 


"Aşgabadyň aeroportunda diňe dollarda alnyp barylýan pullar barada soralman, eýsem türkmen manady barada hem soraýarlar. Bir student tanyşymyň ýanynda 800 manat bardy, ol aeroportuň dükanyndan satyn aljak zadynyň bardygyny aýdyp ynandyransoň, puluny geçirdiler. Emma beýlekiniň 1000 manadyny geçirmediler" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.


Onuň sözlerine görä, bu çäklendirme Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurduň daşyna manat äkidip, soň ony dollara öwürmegine degişli ýagdaýlaryň köpelmegi bilen bagly.


"Ýarym ýyla golaý wagt bäri Türkiýä manady köp äkidýärler we ol ýerde dollara öwürýärler, emma edil häzir 100 we 50 manat möçberindäki pullaryň alnyp gidilmegi has ýaýbaňlandy. Ýöne adaty adamlar jikme-jik barlanýarka, uly bolmadyk çemodanly adamlaryň we bilinde içi pully guşakly zenanlaryň barlag edilmezden geçirilýän ýagdaýlaryna duş gelse bolýar" diýip, habarçymyz aýdýar.




Azatlyk Radiosy bu ýagdaý bilen baglylykda Aşgabadyň halkara aeroportunyň resmilerinden kommentariý alyp bilmedi. 


Üstesine aeroportuň we "Türkmenhowaýollarynyň" resmi websaýtlarynda Türkmenistanyň daşyna çykarmaga rugsat berilen nagt puluň möçberine degişli düzgünler görkezilmändir. Bu maglumaty "Türkmenhowaýollarynyň" Moskwadaky edarasynda hem anyklaşdyryp bilmediler. 


Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanyň daşyna nagt görnüşde çykarmaga rugsat berilen daşary ýurt walýutasynyň 10 müň amerikan dollaryndan artyk bolmaly däldigini habar beripdiler. 2018 ýylyň tomsunda bu möçberiň 3 müň dollara çenli çäklendirilendigi mälim bolupdy.




 


Emma türkmen manadynyň möçberine degişli çäklendirmeler baradaky maglumaty resmi çeşmelerden tapyp bolmady. 


Şol bir wagtyň özünde-de, Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine görä, türkmen manadynyň ýurduň daşyna köpçülikleýin çykarylmagy ýurtda nagt walýuta çalyşygynyň gadagançylygy, şeýle-de türkmen banklarynyň ilata walýuta çalyşygy üçin berýän mümkinçilikleriniň yzygiderli çäklendirilmegi bilen bagly. 


2016-njy ýylda daşary ýurt walýutasynyň nagt çalyşygyny doly gadagan eden Türkmenistan öz raýatlarynyň belli bir bölegine nagt bolmadyk görnüşde resmi kursdan puly amerikan dollaryna çalyşmagyna rugsat berýär. Bu puluň möçberi soňky üç ýylyň dowamynda çürt-kesik azaldyldy. 


Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, bu ýagdaýda türkmen manadyny daşary ýurtlara äkidip çalyşmak has amatly düşýär.


"Häzirki pursatda Türkiýede bir amerikan dollaryna 17 manat alýarlar, Türkmenistanda bolsa amerikan dollary elden 18-18,5 manada satýarlar" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar. Üstesine, Türkmenistanda nagt pul gytçylygy bar" diýip habarçymyz aýdýar.




Mundan öň Azatlyk Radiosyna türkmen manadynyň Orsýete we Özbegistana köp alnyp barylýandygy barada maglumatlar gowuşypdy. 


​Şol bir wagtda-da, habarçylarymyz häzir ýurduň daşynda kabul edilýän türkmen manadyna çäklendirmäniň bardygyny belleýärler. 


"Türkiýede dollara diňe Aziadadan soň çykarylan pullary çalyşýarlar. Puluň ýüzünde keseleýin çekilen kümüşsöw çyzyk, atyň kellesiniň suraty we Türkmenistan Aşgabat 2017 diýlen ýazgy bolmaly" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar. 


Habarçymyz Türkmenistanda ozalky ýyllarda çykarylan pullaryň hem deň derejede ulanylyşda bolmagyna garamazdan, täze pullara bolan talabyň soňky döwürde artandygyny belleýär.  


"Şonuň üçin banklarda resmi bolmadyk bir görnüşde köne pullary täze pula çalyşyp başladylar, meselem köne görnüşli 2000 manada 1800 manady täze görnüşde berýärler, emma 10% tutup alýarlar" diýip habarçymyz aýdýar we şeýle resmi bolmadyk "bir hyzmatyň" döremeginiň türkmen manadynyň ýurduň daşynda dollara öwrülmegi bilen bagly ýagdaýlaryň köpelmegi bilen arabaglanyşygynyň bardygyny belleýär. 


Azatlyk Radiosy bu ýagdaý boýunça Türkmenistanyň Daşary ykdysady gatnaşyklar bankyndan maglumat alyp bilmedi. 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ria.city
Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net