Özbek şahyryna Türkiýeden ‘gadagan’ kitaby getireni üçin şertli ýyl kesildi
Gaçakçylykda aýyplanan Rajab aprel aýynda Türkiýeden gelende, serhet goragçylary onuň ýany bilen getiren birnäçe kitabyny konfiskasiýa etdiler.
Sülçüler bu kitaplaryň Özbegistanda gadagandygyny aýtdylar we onuň garşysyna derňew işini açdylar. Rajab we onuň onlarça goldawçysy sentýabrda Daşkende tarap protest ýörişine başlady, olar paýtagtda içeri işler ministri bilen duşuşyp, bu jenaýat işiniň ýapylmagyny talap etmekçi boldular.
Polisiýa bu ýörişi togtatdy we Rajaby hem onuň 20 çemesi garyndaşyny, goldawçylaryny tussag etdi. Olaryň ählisi jemgyýetçilik çärelerini geçirmek düzgünlerini bozmakda günäli tapyldy we her biri 10 gün türme tussaglygyna höküm edildi.
Rajabyň goldawçylarynyň biri, iňlis dili mugallymy we blogçy Nasofat Olloşukurowa 10 gün türme möhletini tamamlandan soň, zor bilen Horezmdäki ruhy hassahana ýerleşdirildi.