Ozalky gyrgyz prezidenti sud diňlenişigine gelmedi
63 ýaşly ozalky prezidentiň aklawçysy Sergeý Slesarýewiň sözlerine görä, Atambaýew onuň öz sözi bilen aýdylanda “bu oýuna gatnaşmakdan ýüz öwrüpdir”.
Birinji Maý etrap sudy Atambaýewe bildirilýän aýyplamalaryň 2013-nji ýylda ýakasyny tanadan jenaýatçy Aziz Batukaýewiň tussaglykdan bikanun ýagdaýda möhletinden ir boşadylmagy bilen baglydygyny awgustda aýynda mälim edipdi.
Atambaýew özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.
Eger-de onuň günäsi subut edilse, oňa 15 ýyl türme tussaglygynyň berilmegi mümkin.
Ozalky gyrgyz lideri, polisiýa bilen iki güne çeken gapma-garşylykdan soň, 8-nji awgustda tussag edilipdi.