Germaniýada sinagoga edilen hüjümde iki adam öldi
Germaniýanyň gündogaryndaky Halle şäherinde 9-njy oktýabrda sinagoga we onuň golaýyndaky kebap dükanyna edilen ýaragly hüjümde iki adam öldi.
Ýaragly özüniň hüjümlerini internetde göni efirde görkezdi.
Hüjümden öň ýaragly anti-semit manifestony hem okady.
Germaniýanyň polisiýasy bir şübheliniň ele salnandygyny, beýleki ikisiniň bolsa ogurlanan ulagda gaçmagy başarandygy aýtdy.
Hüjüm mahaly sinagoganyň içinde 70-80 töweregi adamyň, şol sanda 10 amerikalynyň hem bolandygy aýdylýar.
Agyr ýaraglar bilen ýaraglanan hüjümçi sinagoganyň gapysyna ot açdy, emma binanyň içine girip bilmedi.
Hüjüm ýewreýleriň mukaddes Ýom Kippur gününde amala aşyryldy.
Hüjümde iki adam agyr ýaralandy.
Germaniýanyň içeri işler ministri hüjümiň anti-semist häsiýete eýedigini çaklamaga esaslaryň bardygyny aýtdy.