Ak Tam Trampyň impiçment soragy boýunça hyzmatdaşlyk etmejekdigini aýtdy
Ak Tam Demokratlaryň ýolbaşçylygyndaky Wekiller Öýüne hat ýollap, onda prezident Donald Trampyň administrasiýasynyň kanun çykaryjy palatanyň alyp barýan impiçment soragy boýunça hyzmatdaşlyk etmejekdigini mälim etdi.
8-nji oktýabrda ugradylan hatda Respublikan Trampa garşy alnyp barylýan soragyň “bikanundygy” we “konstitusiýa garşydygy” aýdylýar.
Wekiller Öýüniň spikeri Demokrat Nensi Pelosi Trampyň administrasiýasynyň hyzmatdaşlyk etmekden boýun gaçyrýandygy üçin “jogapkärçilige çekiljekdigini” aýtdy.
Mundan öň, Döwlet Departamenti ABŞ-nyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisi Gordon Sondlandyň kogres paneline soraga gelmezligi barada buýruk berdi. Bu sorag Trampyň öz şahsy syýasy bähbitleri üçin wezipe ygtyýarlyklaryndan peýdalanyp-peýdalanmandygy boýunça derňewiň çäginde geçýär.
Wekiller Öýüniň Aňtaw komitetiniň başlygy Adam Şiff Sondlandyň gelmezligini konres derňewine päsgelçilik döretmek boýunça “goşmaça güýçli delil” diýip, atlandyrdy.