Kürtler Türkiýe serhetlerinde “umumy mobilizasiýa” çagyrýarlar
Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky kürtleriň ýolbaşçylygyndaky raýat administrasiýasy gazaplylygyň ýüze çykan halatynda Siriýanyň demirgazygynda “gumanitar heläkçiligiň” dörejekdigini duýdurdy.
Bu aralykda, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň sebitdäki hereketleriniň “tutuş regiony tutaşdyryp biljekdigini” aýtdy.
“Biz halkymyza, ähli etniki toparlara ýüzlenip, bu taryhy ynjyk pursatda garşy duruş hereketlerini geçirmek üçin Türkiýäniň serhetlerine aralaşmaga çagyrýarys” diýip, Demirgazyk we Gündogar Siriýanyň Awtonom Administrasiýasy diýlip bilinýän ýerli häkimiýet çagyryş etdi.
8-nji oktýabr güni giçlik gowşan maglumatlarda Türkiýäniň Siriýa bilen serhetlerinde harby pozisiýalaryny güýçlendirip başlandygy bellenilýär.