Fiziologiýa we medisina boýunça Nobel baýragy iki amerikan we bir britan alymyna berildi
Stokgolmyn Karolinska institutynyň 7-nji oktýabrda çap eden maglumatynda William Kaeliniň, Peter Ratcliffeniň we Gregg Semenzanyň açyşlarynyň “durmuşdaky iň möhüm uýgunlaşmak prosesiniň mehanizminiň üstüni açandygy” aýdylýar.
“Olar kislorodyň derejesiniň nädip öýjük metabolizmine we fiziologik funksiýasyna täsir edýändigine düşünmegimiz üçin esas goýdular. Şeýle-de, olaryň açyşlary gan azlyk, rak we başga-da ençeme kesele garşy göreşmek üçin täze perspektiw strategiýalara ýol açdy” diýlip, beýanatda aýdylýar.
Şeýle-de, beýanatda üç alymyň $918,000 möçberindäki nagt pul sylagyny hem paýlaşjakdygy bellenilýär.