ABŞ rus “trol fabrikasynyň” eýesi Prigožine garşy täze sanskiýalary girizdi
Waşington, Russiýanyň ABŞ-nyň saýlawlaryna gatyşmagy bilen baglylykda, Internet Barlag Agentligi we ony maliýeleşdirýän Ýewgeniý Prigožin bilen ilteşikli onlarça gurama we şahsyýete garşy sanksiýalary girizdi.
Bu barada ABŞ-nyň Maliýe departamenti 30-njy sentýabrda beýanat ýaýratdy.
Sankt-Peterburgda ýerleşýän Internet Barlag Agentligi ýene “trollaryň fabrikasy” ady bilen hem tanalýar. Ol Kreml bilen ýakyn gatnaşyklary bolan telekeçi Ýewgeniý Prigožine degişlidir. Prigožin ABŞ-nyň ýörite geňeşçisi Robert Muelleriň Russiýanyň ABŞ-nyň 2016-njy ýyldaky saýlawlaryna gatyşmagy boýunça geçiren derňewinde ençeme gezek agzalýar.
2018-nji ýylyň fewralynda Adalat departamenti Internet Barlag Agentligini, Prigožine degişli ýene-de iki: ‘Concord Management’ we ‘Concord Catering’ kompaniýasyny, Prigožiniň özüni we başga-da 15 rus şahsyýetini “ABŞ-nyň syýasy we saýlaw proseslerine, şol sanda 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna gatyşmak maksady bilen” bikanun diýilýän hereketlere gatyşandygy boýunça aýyplama bildiripdi.