Hytaý Halk Respublikasy 70 ýyllygyny belleýär; Hong Kongda polisiýa protestçileri dargadýar
1-nji oktýabrda Hytaý özüniň kommunistik döwlet hökmünde esaslandyrylmagynyň 70-nji ýyl dönümini belledi. Bu aralykda, ýarym-awtonom Hong Kong şäherinde protestçiler polisiýa bilen çaknyşyp, döwlet tarapyndan gurnalýan baýramçylyk çärelerine kölege saldylar.
Pekinde Hytaý Halk Respublikasynyň 70 ýyllygy mynasybetli harby parad geçirildi.
Tiananmen Meýdançasynda geçirilen çärä daşary ýurt liderleri çagyrylmady, emma oňa Hytaýdaky daşary ýurtly ilçiler gatnaşdy.
Bu aralykda, ýarym awtonom Hong Konguň ençeme etrabynda polisiýa demokrat protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazlary atdy.