Tramp BMG-de Eýranyň “repressiw” režimini tankytlady
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda Eýran babatyndaky alyp barýan syýasatyny goldap, dünýäniň ähli döwletlerini Eýrana garşy hereket etmäge çagyrdy.
“Dünýäniň parahatçylyk söýüji ýurtlarynyň häzirki wagt ýüzbe-ýüz bolýan iň esasy howplarynyň biri bu – Eýranyň repressiw režimidir” diýip, Tramp 24-nji sentýabrda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda çykyş etdi.
Tramp Eýran resmilerini “ahrysoňy eýranlylary ilkinji orunda goýmaga” çagyrdy.
Şeýle-de, Tramp Eýran “howp abandyryjy ýolundan el çekmeýänçä” ABŞ-nyň sanksiýalarynyň has hem “ýitileşjekdigini” aýtdy.
ABŞ-nyň prezidenti Eýran liderlerini “Siriýada we Ýemende pajygaly uruşlary öjükdirmekde” hem aýyplady. Ol Eýrany ýakynda saudlaryň nebit desgalaryna edilen hüjümi amala aşyrmakda hem aýyplady.
14-nji sentýabrda nebit desgasyna edilen hüjümden soň, Ýakyn Gündogardaky dartgynlylyklar ýitileşdi. ABŞ, Saud Arabystany we Günbatar Ýewropa döwletleri hüjümi amala aşyrmakda Eýrany aýyplaýar.
Eýran hüjüme ilteşiginiň ýokdugyny aýdýar.
Tramp 2017-nji ýylyň ýanwarynda häkimiýet başyna geçeninden soň, Tähran babatynda berk syýasaty ýöredip başlady. 2018-nji ýylyň maýynda ol 2015-nji ýylda Eýran we düýäniň iri döwletleri bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykdy.
Bu ylalaşyk Eýrana öz ýadro programmasyny jylawlamagyň ýerine sanksiýalardan boşamak mümkinçiligini beripdi.
Ylalaşyga gol goýan beýleki taraplar oňa ygrarly bolup galsalar-da, Tähran onuň çäklerinde öz üstüne alan käbir borçnamalaryndan el çekip başlady.