Müsürliler protest çykyp, Sisiniň işden çekilmegini talap etdiler
Müsüriň Ykdysady we sosial hukuklar merkezi 21-nji sentýabrda onlarça adamyň, şol sanda iki žurnalistiň tussag edilendigini, emma pidalar barada maglumat berilmändigini aýtdy.
Köçelerdäki çaklaňja protestleriň köpüsi pitnä garşy polisiýanyň dürreleri we göz ýaşardyjy gaz ulanmagy netijesinde derrew dargadyldy.
Sisi häkimiýet başyna gelmezinden öňem nägilelikleri basyp ýatyrmak tejribesi uly bolan ýurtda protest aksiýalary örän seýrekleşdi. Emma muňa garamazdan, internetde prezidente garşylyklaryny görkezmäge edilen çagyryşdan soň, Suez şäherinde ýüzlerçe adam tapgyr ikinji gije köçelere çykdy.
Bosgunlykdaky biznesmen Muhammad Ali müsürlileri köçelere çykyp, protest bildirmäge çagyrdy. Harbylar we hökümet ony, delil getirmezden, korrupsiýada aýyplaýar.
Ozalky goşun generaly Sisi syýasy oppozisiýany basyp ýatyrmakda, tankytçylary susdurmakda we müňlerçe adamy türmä basmakda tankyt edilýär.
21-nji sentýabrda paýtagt Kairde, Tahrir meýdançasynyň golaýynda birnäçe ýüz adam proteste toplandy.
Howpsuzlyk güçýleri Kairde azyndan 74 adamy tussag etdiler.