Astrahan mekdebinde türkmen dili öwredilýär
TDH bu obada Türkmenistanyň kömegi bilen gurlan we Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän mekdebiň okuwçylarynyň türkmen dilini öwrenip başlandygyny, olary türkmen dili mugallymy Resul Şajyýewiň okadýandygyny habar berdi.
Neşiriň maglumatyna görä, R.Şajyýew türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Funtowo obasyna sentýabr aýynyň başynda, rus tarapynyň çakylygy bilen geldi.
Bu oba ilaty üçin şanly waka boldy, şu sebäpden ilkinji sapaga okuwçylaryň ene-atalary-da geldi diýip, habarda aýdylýar.