Türmä basylan rus aktýory Pawel Ustinow Moskwada azatlyga goýberildi
Ustinow özüniň geçen aýda bolan proteste asla gatnaşmandygyny aýdýar.
Moskwanyň şäher sudy 20-nji sentýabrda 23 ýaşyndaky aktýoryň şikaýat diňlenişigi tamam bolýança Moskwadan çykmagyna rugsat berilmeýändigini aýtdy.
Ustinow häkimiýetleriň şu aýyň başynda geçirilen ýerli saýlawlara oppozisiýa kandidatlarynyň goýberilmezligine garşy guralan syýasy protestler mahalynda tussag eden we ýyl kesen birnäçe orsýetlisiniň diňe biri bolup durýar.
Sud Ustinowy 3-nji awgustdaky protest mahalynda polisiýany dilde masgaralamakda we Milli gwardiýanyň ofiserine hüjüm etmekde günäli tapyp, 16-njy sentýabrda 3 ýarym aýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
Ozal özi hem Milli gwardiýanyň ofiseri bolup işlän Ustinow özüniň bigünädigini, aktiwistler şäher häkimiýetleriniň oppozisiýa kandidatlaryny Moskwa şäher geňeşine geçirilýän saýlawlarda bäsleşmek üçin hasaba almazlygyna garşy çykýan wagtynda özüniň gyrada durandygyny, proteste gatnaşmandygyny aýtdy.