HRW Gazagystany feminist topary hasaba almazlykda tankytlaýar
Gazagystan “Feminitany” we beýleki toparlary hasaba alman, “diňe hökümeti tankyt edýändikleri ýa-da gapma-garşylykly meseleleriň üstünde işleýändikleri üçin”, olaryň kanuny esasda işlemekleriniň öňüni almagyny bes etmeli diýip, HRW 13-nji sentýabrdaky beýanatynda aýtdy.
Bu çagyryş Gazagystanyň şikaýat sudy 3-nji sentýabrda Adalat ministrliginiň Almatydaky bölüminiň “Feminitany” hasaba almazlyk barada çykaran kararyny güýjünde galdyrandan soňra edildi.
Häkimiýetler bu guramanyň kommersiýa däl guramalar baradaky kanuna gabat gelmeýändigini aýdýarlar.
“Feminita” resmi däl ýagdaýda 2015-nji ýyldan bäri işleýär.