FIFA resmileri stadion gadaganlygy sebäpli özüni otlan aýalyň ölüminden soň Eýrana sapar edýär
Gelýän iki hepdäniň içinde bolmagyna garaşylýan sapar Eýranda erkekleriň futbol oýnuny görmek üçin erkek eşiklerini geýip barmakda aýyplanan 29 ýaşly aýalyň özüni otlamagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Janköýerlik edýän “Esteghlal” komandasynyň reňkleri sebäpli “Gök gyz” lakamy bilen tanalýan Sahar Khodaýari Tährandaky hassahanada öldi diýip, eýran mediasy 9-njy sentýabrda habar berdi.
Emma muňa garamazdan, FIFA-nyň sözçüsi delegasiýanyň saparynyň Khodaýariniň ölümine dahylly däldigini, Eýranyň Dünýä futbol çempionatyny özünde geçirmek üçin 10-njy oktýabrda Kombodiýa bilen bäsleşýändigini, şu sebäpden onuň taýýarlygynyň barlanjakdygyny aýtdy.
FIFA-nyň prezidenti Gianni Infantino eýran häkimiýetleriniň eýranly we daşary ýurtly aýallaryň oýunlara gatnaşmagyna rugsat bermegi barada öňden bäri çagyryş edip gelýär