Sentsow we Kolçenko rus türmesinden boşadylandan soň, ilkinji metbugat konferensiýasyny geçirdi
Sentsow we Kolçenko Russiýanyň we Ukrainanyň arasynda amala aşyrylan tussaglary çalyşmak çäresinde azatlyga goýberilmeginiň yzýany, 10-njy sentýabrda Kiýewde ilkinji metbugat konferensiýasyny geçirdiler.
7-nji sentýabrda iki ýurt özaralarynda jemi 70 sany tussagy çalyşdy. Bu Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 2017-nji ýyldan bäri tussaglary çalyşmak boýunça amala aşyrylan iň uly çäredir.
Sentsow we Kolçenko Russiýa ukrain ýarymadasyny basyp alandan soňra, 2014-nji ýylda Krymda tussag edilipdiler.
2015-nji ýylda Russiýanyň sudy olary terrorçylykly hereketleri amala aşyrmagy planlaşdyrmakda höküm etdi. Sentsow we Kolçenko, şeýle-de olaryň tarapdarlary bu aýyplamanyň syýasy matlaplydygyny aýdypdylar.
“Ilki bilen, men bizi goldan we biziň azatlyga goýberilmegimize goşant goşan häli adamlara sagbolsun aýdasym gelýär” diýip, Kolçenko žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýtdy.