Gürjüstanyň bölüniji regiony Abhaziýada Tblisiniň ýazgaran “prezident saýlawlary” geçdi
Ýerli saýlaw resmileriniň beren maglumatyna görä, iş başyndaky separatist lider Raul Hadžimba sekiz kandidat bilen bäsleşipdir.
Separatist saýlaw häkimiýetleri tutuş Abhaziýa boýunça 152 saýlaw stansiýasynda ses bermek üçin 116 müň adamyň hasaba alnandygyny aýtdylar. Russiýa Abhaziýany 2008-nji ýylda Gürjüstana garşy bolan gysga uruşdan soň garaşsyz ýurt hökmünde ykrar edipdi.
Gürji prezidenti Salome Zurabişwili saýlawlary “galplyk” diýip häsiýetlendirdi.
“Abhaziýa resmileri de facto bikanun prezidentlik saýlawlaryny geçirýärler. Gürjüstan bu galplygy milli özygtyýarlyga garşy edilen ýene bir gazaplylyk hökmünde ýazgarýar” diýip, Zurabişwili Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.