Berdimuhamedow sapardan öň “Türkmengaza” singapur kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi
Türkmen mediasy 23-nji awgustda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura etjek ilkinji saparynyň senesini yglan etdi. Wise-premýer Reşit Meredowyň wideoşekilli maslahatda beren hasabatyna görä, döwlet sapary 26-27-nji awgustda amala aşyrylar.