Hindistan, öten agşamky çaknyşyklardan soň, Kaşmirde ýene çäklendirme girizdi
Öten agşam ýaşaýjylar bilen polisiýanyň arasynda bolan çaknyşykda, uly resmileriň we şaýatlaryň sözlerine görä, onlarça adam ýaralandy.
Nýu-Deliniň 5-nji awgustda musulmanlaryň köplük bolup ýaşaýan sebitiniň awtonomiýasyny ýatyrmak baradaky karary hindi kontrollygyndaky Kaşmirde we serhetden aňyrdaky pakistan kontrollygyndaky Kaşmirde, şol sanda Yslamabatda gahar-gazap döretdi.